TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

70 ýaşynda ilkinji bäbegini dünýä inderdi

Hindistanyň Gujarat welaýatynyň Kemora obasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşyndaky Jiwunben Rabari bilen ýanýoldaşy 75 ýaşyndaky Maldhari köp ýyllaryň dowamynda çagalarynyň  bolmagy üçin tagalla etdiler.

Çagalarynyň bolmagyny isleýän är-aýal köp ýyllaryň dowamynda arzuwlaryna ýetip bilmedi. Är-aýallaryň lukmanlaryň ýaşlarynyň birçene barandygy üçin çagalarynyň bolmagynyň mümkin däldigine hem gulak asman, öz arzuwlaryna ýetdiler.

45 ýyl bäri bilelikde ýaşaýan hindi maşgalasy lukmançylykda ulanylýan tohumlandyrma usuly bilen sagdyn oglan bäbegini dünýä inderdiler.

Lukman Nareş Bhanuşali şeýle waklara seýrek duş gelinýändigini belläp, 70 ýaşy enäni doglan bäbegi bilen gutlady.

umuman, Hindistanda şeýle wakalara duş gelmek bolýar. 2019-njy ýylda 73 ýaşyndaky aýal tohumlandyrma usuly bilen ekiz çagalaryny dünýä inderipdi.

 

Dünýädäki iň kiçi oýun enjamy

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle