SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

7 milliard doza sanjym edildi

Tutuş dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy 7 milliard dozadan gowrak sanjym edildi. Bu sanjymlaryň agramly bölegi 3 ýurduň paýyna düşýär – Hytaý (2.3 mlrd), Hindistan (1.1 mlrd) we ABŞ (0.4 mlrd). Bu barada dünýä ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde beýan edilen resmi beýanatlaryna görä taýýarlanan hasabatda bellenilip geçilipdir.

Häzirki wagtda “COVID-19” ýokanjyna garşy 7,001 milliard doza möçberinde sanjym edildi. Şol hasabatlara görä, koronawirus ýokanjyna garşy doly sanjym alan adamlaryň sanyny kesgitlemek mümkin däl. Köp sanly ýurtlar, esasan hem, sanjym edilen dozalaryň möçberi barada beýanat bilen çykyş edipdirler.

Ýöne şol hasabatlara görä, dünýäde sanjym etmegiň depgini birneme peselýär. Ozalky 1 milliard doza sanjym 29 günde amala aşyrylan bolsa, soňky 1 milliardlyk sanjym üçin 37 gün gerek boldy.

BAE we Malta ýaly ýurtlaryň ilatynyň 90 göterimden gowragy snajym edildi. Portugaliýa, Kuba, Çili, Islandiýa, Kamboja, Katar, Ispaniýa, Singapur, Brune we Günorta Koreýa ýaly ýurtlar bolsa, ilatyň 80 göterimini sanjymyň azyndan bir doza boýunça sanjym işlerini amala aşyrdy.

Russiýada bolsa 50,9 million adam doly sanjym aldy. Sanjymyň bir dozasyny kabul eden rus raýatlarynyň sany 56,8 göterime deň boldy. Ýurtda koronawirus ýokanjyna garşy umumy immunitetiň derejesi 46,8 göterime barabar boldy.

Häzirki wagtda tutuş dünýäde 10-dan gowrak sanjym giňden ulanylýar. Olaryň hatarynda Russiýanyň “Sputnik V”, “Sputnik Laýt”, “Epiwakkorona”, “Kowiwak”, ABŞ-nyň we Germaniýanyň bilelikdäki “Pfizer/BioNTech”, britan-şwed kompaniýasynyň “AstraZeneca”, Hytaýyň “Sinovac” we “Sinopharm”, Hindistanyň “Covaxin”, şeýle hem ABŞ-nyň “Moderna” hem-de “Johnson & Johnson” sanjymlary bar.

 

590 günden soňra ilkinji halkara gatnawy kabul etdi

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy