6 ýurduň talyplaryna Russiýada okamaga rugsat berildi

Ýene-de 6 ýurduň talyplaryna Russiýa Federasiýasyna gelip, okamaga rugsat berildi. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim boýunça ministrligi habar berdi. Ministrligiň habar bermegine görä. Wenesuelanyň, Germaniýanyň, siriýanyň, Tajigistanyň, Özbegistanyň we Şri-Lankanyň  talyplaryna, Russiýa gelip okuwyny dowam etdirmäge rugsat berildi.

Habarda “Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2021-nji ýylyň 31-nji martyndaky 814-nji belgili buýrugy bilen Wenesuela, Germaniýa, Siriýa, Täjigistan, Özbegistan, Şri-Lanka ýaly döwletleriň talyplary, aspirantlary, ordinatura we taýýarlyk fakultetleriniň diňleýjileri Russiýa gelip, okuwlaryny dowam etdirip bilerler” diýlip, bellenilipdir.

Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugyň (Rospotrebnadzor) maslahat bermeginäki ýurtlaryň raýatlaryna Russiýa gelmäge rugsat berilýär.

Şeýle hem häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Wýetnam, Gresiýa, Müsür, Hindistan, Gazagystan, Katar, Gyrgyzsytan, Kuba, Maldiw Respublikasy, BAE, Seýşel adalary, Serbiýa, singapur, Tanzaniýa, Türkiýe, Finlýandiýa, Şweýsariýa, Efiopiýa, Günorta Koreýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň talyplaryna gelmäge rugsat berlipdir.

31 ýurduň raýatlaryna Russiýada okamaga üçin gelmäge berlen rugsatnama ýurduň hökümetiniň buýrugy esasynda amala aşyrylýar. Ylym we ýokary bilim boýunça ministrligi entek ýurda gelmedik daşary ýurtly talyplary kabul etmäge doly taýýar bolan uniwersitetleriň sanawyny taýýarlady.

Okap bilersiňiz  HALKARA YNSANPERWER YLYMLARY WE ÖSÜŞ UNIWERSITETI

Daşary ýurtly talyplar Russiýa gelmänkä, 10 gün öňünden okaýan uniwersitetine okamaga geljekdigi barada elektron poçta arkaly habar bermelidir. Soňra oňa gelip bilýändigi barada maglumat geler. Talyp Russiýa gitmegine 3 senenama güni galanda koronawirus ýokanjy barada lukmançylyk barlagyndan geçmeli, barlagyň negatiwdigi baradaky hatyň rus ýa-da iňlis dilindäkisi taýýar etmeli.

Russiýa Federasiýasynyň çägine gireninden 72 sagadyň dowamynda daşary ýurtly talyplar ikinji gezek synagyndan geçmeli. Synag netijelerini almazdan ozal, ýaşaýan ýerinde karantin düzgünine boýun bolmalydyrlar. Şol döwründe okuw onlaýn formatda geçirilýär; ikinji gezek barlagdan geçmedik daşary ýurtly talyplara gündiz okamaga rugsat berilmeýär.

Karantin döwründe ýiti dem alyş keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çyksa, mysal üçin gyzzyrma, bokurdak agyry, burun akmagy, üsgülewük bolsa, talyp bu barada derrew uniwersitete habar bermeli we lukman çagyrmaly.

 

Pakistanda “Sputnik V” sanjymy urlup başlandy