JEMGYÝET

6-njy noýabrda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň çäklerinde hususan-da, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi.

Şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi, onuň dowamynda ýörite bölünip berlen ýerlerde agaç nahallary ekiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimlerine  6-njy noýabra meýilleşdirilen güýzki bag ekmek dabarasynyň çäklerinde agaç nahallarynyň ekiljek ýerlerini hem-de olaryň möçberini kesgitlemek meselesine aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz öňde boljak ählihalk bag ekmek dabarasynyň çäklerinde sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallarynyň ekiljek ýerlerini kesgitlemek boýunça anyk görkezmeler berdi.

 

Türkmen alymlary Stambuldaky halkara maslahata gatnaşar

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni” atly sergi geçirildi

Gazagystanda syýasy özgertmeler: Halk geňeşi we bir palataly parlament döredildi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Merkezi Aziýada saparda bolar

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi

Turkmentextile Expo-2026: dünýä derejesindäki moda sergisi guraldy

Türkiýäniň wise-prezidenti «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergisine baryp gördi