TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

5 ýyldan soňra “Barselona” dolanyp geldi

Ispaniýanyň “Barselona” topary özüniň ozalky futbolçysy Hawi Hernandezi tälimçi wezipesine bellän bolsa, ýene-de bir güýçli futbolçylaryndan Dani Alwesi hem täzeden hataryna goşdy.

2008-2016-njy ýyllarda “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edip, 23 kubok gazanan braziliýaly Dani Alwes dolanyp geldi. Alwes bilen toparyň arasynda möwsümiň ahyryna çenli ytlalaşyk gazanyldy.

38 ýaşly dünýäniň iň köp kubok gazanan futbolçysy bolan Dani Alwes öňümizdäki hepde toparyň düzüminde türgenleşiklere başlaýar. Ýöne ol geljek ýylyň ýanwar aýyndan bäri toparyň düzüminde çykyş edip bilmeýär.

Dani alwesiň soňky oýnan topary Braziliýanyň “San-Paulu” topary boldy. Ol bu toparyň düzüminden bergileri sebäpli sentýabr aýynda gitdi.

DIŇE “BARSELONADA” 23 KUBOK GAZANDY

Mälim bolşy ýaly, Dani Alwes “Barselona” toparynyň düzümine 2008-nji ýylda goşulypdy. Ondan ozal, ýene-de Ispaniýanyň “Sewilýa” toparynda şowly çykyş edipdi. Alwes “Barselona” toparynda 8 möwsümde çykyş edip, 23 kubogyň eýesi boldy.

Ol toparda oýnan döwründe tälimçilik eden Hosep Gwardiola, Tito Wilanowa, Tata Martino we Luis Enrike ýaly talimçileriň hemişe bil baglaýan futbolçylarynyň birine öwrülipdi.

Dani Alwes 2016-njy ýylda “Barselonany” terk edip, Italiýanyň “Ýuwentus” toparyna, ondan soňra Fransiýanyň “PSŽ” toparynda futbol oýnady.

Alwes Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde şu ýyl geçirilen Tokio Olimpiýa oýunlarynda hem çykyş edip, altyn medalyň eýesi bolupdy.

KUBOK GAZANMAKDA REKORD FUTBOLÇY

Dani Alwes häzirki wagtda dünýäde iň köp kubok gazanan futbolçy bolup durýar. Bu ugurda rekord oňa degişlidir. Ol “Barselonanyň” düzüminde 23, “Ýuwentusyň” düzüminde 2, “PSŽ-niň” düzüminde 6, “San-Paulunyň” düzüminde 1, “Bahianyň” düzüminde 3, “Sewilýanyň” düzüminde 5, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 6 kubogy gazanyp, jemi 46 derejäniň eýesidir.

 

Ýurdumyzda hasyl toýy belleniler

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle