SIZDEN GELENLER

31-nji oktýabr bütindünýä tygşytlaýyş güni

Her ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä tygşytlaýyş güni dünýäniň dürli künjeklerinde bellenilip geçilýär. Bu halkara güni nähili ýagdaýda döredikä?

1924-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Italiýanyň Milanda şäherinde I Tygşytlaýyş Banky Kongresiniň Tygşytlaýyş banklary gurultaýy geçirildi. Italiýaly professor Filippo Rawizza  gurultaýyň soňky gününde 31-nji oktýabry “Halkara tygşytlaýyş güni” diýip bellemek barada teklip berýär. Kongresiň kararlarynda “Bütindünýä tygşytlylyk güni” bütindünýäde tygşytlamalary wagyz etmek üçin bagyşlanan gündigi barada aýdylýar.

Pul tygşytlamak ilki bilen durmuşymyzyň soňky tapgyrynda has möhüm orny eýeledi. Sebäbi ýurduň ösüşine jogapkär goşant hökmünde pul tygşytlamak ýurduň ykdysady ösüşi üçin hem möhümdir.

Ondan ozal hem käbir ýurtlaryň milli tygşytlylyk güni bardy. Her ýylda Bütindünýä tygşytlaýyş gününi gurnaýan banklaryň esasy maksady, köp ýurtlaryň banksyz ösýändigi baradaky meselelere ünsi çekmekden ybaratdyr. Käbir ýurtlarda ýörite tygşytlaýyş banklary hereket edýär. Bu halkara güni köp ýurtlarda 30-njy oktýabrda bellenilýär.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Milli Liderimiz “Kamaz” ýük ulagyny synag etdi

 

 

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir