Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinden Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine 30 ýyldan soňra ilkinji otly gatnawy amala aşyryldy. Bu gatnawdan peýdalanan ýolagçylar demirýol menzilinde aýdym-saz bilen garşylandy. Şeýle hem ilkinji gatnawyň ýolagçylara mugt hödür kerem edildi.

30 ýyldan soňra täzeden dikeldilen otly gatnawyndan 210 ýolagçy peýdalandy. Olaryň hataryndan žurnalistler, demirýol işgärleri we Özbegistandaky dogan-garyndaşlaryny görmäge barýan täjik raýatlary bar.

Otly öz ugry boýunça birnäçe stansiýada durup geçer. Ol Regar, Denau, Karşi, Samarkand, Jizak we Gulistan stansiýalarynda ýolagçylar alar.

Duşanbe-Daşkent ugry boýunça otly gatnawy hepdede bir gezek amala aşyrylar. Täjigistandan duşenbe güni ýola çykan otly Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine sişenbe güni barar.

“Şu gün uzak arakesmeden soň ilkinji otlyny ibermek mümkin boldy. Özbekleriň we Täjigistanlylaryň uzyn taryhy bar, biziň umumylyklarymyz köp we bu ýoluň açylmagy hemmämiz üçin diýseň şatlykly bir waka “diýip, Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim aýtdy.

Iki ýurduň paýtagt şäherleriniň arasynda otly gatnawlaryny ýola goýmak babatda şu ýylyň iýun aýynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda geçirilen gepleşiklerde gazanylypdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady