JEMGYÝET

30-nji iýul – Bütindünýä dostluk güni

BMG Baş Assambleýasynyň 2011-nji ýylyň 3-nji maýynda 65/275 karary bilen döredilen Bütindünýä dostluk güni her ýyl 30-njy iýulda bellenilýär.

ÝUNESKO guramasy bu baýramçylyk gününiň döredilmeginiň başlangyjy bilen çykyş edipdi. BMG döwlet edaralaryny, şeýle hem halkara we sebit guramalaryny bu güni ýurtlaryň öz medeni däp-dessurlaryna laýyklykda bellemäge çagyrdy.

Mundan başga-da, Bütindünýä dostluk gününiň maksatlarynyň biri ýaşlary, şol sanda geljekki liderleri dürli medeniýetlere hormat bilen garamaga gönükdirilen jemgyýetçilik çärelerine çekmekdir.

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda her ýyl dostluga bagyşlanan çäreler geçirilýär.

BMG tarapyndan döredilen Bütindünýä dostluk gününiň bu ugurdaky ýeke-täk baýramçylyk däldigini bellemelidiris: 9-njy iýunda Bütindünýä dostlar güni hem bellenilip geçilýär.

 

 

«Katar Airways» ― ýylyň iň gowy awiakompaniýasy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň lybaslary Fransiýada görkezildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan Işewürler geňeşini döretmegi meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Tebigat-ene” atly halkara çäräni geçirer

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy