TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

3 ýylda 1 milliard bag ekiler

Ukraina Respublikasy bagy-bossanlygy bürenýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý degişli karara gol çekipdi. Şonuň netijesinde, ýurtda 3 ýylyň dowamynda 1 milliard dollar agaç nahalyny oturtmak meýilleşdirilýär.

Şu ýylyň noýabr aýynyň ortalaryna çenli bu maksatnamanyň 4 göterimi ýerine ýetirildi. Iň köp agaç nahallary Žitomir welaýatynda ekildi.

– Ýewropa 10 ýylda 3 milliard agaç ekmegi meýilleşdirýär. Ähli Ýewropanyň maksady. Biz bolsa, 3 ýylyň dowamynda 1 milliard agaç ekmekçi – diýip, Ukrainanyň döwlet tokaý agentliginiň ýolbaşçysy Ýuriý Bolohowes habar berdi.

Umuman, dünýäde hapa gazlaryň howa goýberilýän möçberini azaltmak ugrunda ähli döwletler tagalla edýärler. Diňe döwletler däl, eýsem iri kompaniýalar hem öz önümçiliklerinde täzeçil we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga ähmiýet berýär.

Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag kompaniýalary bolsa, geljek ýyllarda elektrikli ulag önümçiliginiň gerimini giňeldip, bu ugurda köp maýa goýumlaryny özleşdirýärler.

 

“Tebigaty goralyň” döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle