SIZDEN GELENLER

29-njy sentýabr – Bütindünýä ýürek güni

Bütindünýä ýürek güni – Bütindünýä ýürek federasiýasynyň başlangyjy bilen 1999-njy ýyldan bäri her ýylyň 29-njy sentýabrynda bellenilip geçilýär. Industrial ýürek-damar keseli käbir ösen ýurtlarda ölümiň esasy sebäpleriniň biri bolup gelýär we şeýle bolmagynda hem galýar. Şonuň üçin ýürek we gan damarlarynyň saglygyny goramak baradaky maglumatlary ýaýratmak gaty möhümdir. Ýüregiňize baha bermek we oňa has köp ideg etmek üçin bilermenler bu ajaýyp organ hakyndaky gyzykly maglumatlary okamagyňyzy maslahatlary berýärler.

Ynsan ýüregi enäniň göwresindäki 4-nji hepdesinde urup başlaýar.• Ortaça adamyň ýüregi minutda 72 urgy bilen urýar. Şeýlelik-de, 65 ýyldan gowrak ömrüň dowamynda ýürek 2,5 milliard gezek gysylmaga ukyplydyr.• Günüň dowamynda 7-10 müň litr gan ýürekden geçýär.• Ýürek iki ýumruk bolup onuň agramy takmynan 280 grama deň .Ýürek üçin iň zyýanly endikler bolsa çilim çekmek hem-de alkogolly içgileri içmekdir.

Bu günüň bellenilmeginiň esasy maksady bolsa, ýürek-damar keselleriniň global epidemiýasy bilen abanýan howp barada köpçülige habar bermek we ähli ilat toparlarynda koronar ýürek kesellerine we beýni insultyna garşy giňişleýin öňüni alyş çärelerini başlamakdyr.

Meýlis Sadykow

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglandy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz