TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

28-nji oktýabr Halkara animasiýa güni

Her ýylyň 28-nji oktaýbrynda bellenilýän “Halkara animasiýa güni” ýa-da “Bütindünýä multifilm güni” Halkara animasiýa Film Assosiasiýanyň (ASIFA) fransuz bölüminiň başlangyjy bilen 2002-nji ýylda döredilýär. Bu möhüm günüň bellenilmeginiň senesi tötänleýin saýlanylmandyr. Hut şu gün 1892-nji ýylda Fransiýaly suratkeş we oýlap tapyjy Emile Reýnaud “Grewin” muzeýiniň fantastiki zalynda, tomaşaçylara ilkinji gezek hereketli şekilleri görkezdi. 1894-nji ýylda çekilen suratlar wagtlaýynça ýatdan çykarylýar. Emma suratlary göçürmek pikiri Lumiere doganlaryň oýlap tapyşy bilen utgaşyp, meşhurlyk gazanýar. Soňra wagtyň geçmegi bilen bu tehnologiýalar ösüp, hünärmen bolmadyk adamyň ekranda görýän zatlaryny janly filmi ýa-da animasiýa filmdigini kesgitlemek kyn bolýar.

Halkara animasiýa gününiň öňüsyrasynda, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen animasiýa filmleriniň hünärmenleri we höwesjeňleri öz filmleriniň alyş-çalyş programmalaryny, festiwallaryny, bir ýyl bäri bu çärä garaşýan minnetdar tomaşaçylar üçin iň köp satylanlaryň premýerasyny görkezýärler. Indi şeýle multifilm sessiýalary dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçirilýär. Animasiýanyň tehniki mümkinçilikleri haýran galdyryp olara 2D animasiýa (adaty we sanly), 3D, 4D we 5D animasiýalary, Flash animasiýa, Stop Motion we VFX ýaly görnüşleri degişlidir.

Ilkinji rus animatory, 1906-njy ýylda dünýäde ilkinji öý gurjak multifilmini döreden “Mariinskiý” teatrynyň koreografy Aleksandr Şirýaýew bolup, hereketsiz görnüşleriň fonunda 12 sany tans keşbini şekillendirýär. 1912-nji ýylda halk köpçüliginiň taryhynda ilkinji gezek animasiýa suratyny gören ilkinji rus animasion filminiň premýerasy boldy. Bu çäräniň hormatyna hem “Rus animasiýa güni” bellenilýär.

“Halkara animasiýa güni” diňe bir multifilm döredýän hünärmenler üçin däl-de, eýsem, ulular we çagalar üçin hem baýramçylykdyr.

Akmuhammet Baýlyýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Ýene-de okaň

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Teswirle