TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

23-nji martda gowaça ekişine girişiler

Şu ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanda pagta ekişine badalga berler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçirilen bilelikdäki mejlisiniň barşynda aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gowaça ekişi ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda başlanar.

Bu möhüm möwsümiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi möhümdir. Milli Liderimiz edermen kärendeçileriň şu ýylky gowaça ekişini üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna we uly zähmet ýeňşini gazanjakdyklaryna ynam bildirip, bu oba hojalyk möwsümine ak pata berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany hormatly ýaşululara milli ýörelgelere laýyklykda, sebitlerde pagta ekişini başlap bermäge haýyş bilen ýüzlenip, batyrgaý pagtaçylara we ähli oba hojalyk işgärlerine saglyk, maşgala abadançylygy arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Binaly Ýyldyrymy kabul etdi

Ýene-de okaň

Gazagystan türkmen gazyny eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan-Gazagystan: söwda dolanyşygy yzygiderli artýar

Eýranyň paýtagtynda «IAPEX-2022» halkara awtoulag sergisi geçiriler

Teswirle