SPORT

21 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykyp belledi

Ispaniýanyň “Barselona” topary 21 ýyldan soňra UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyna çykyp bilmedi. Golaýda Hawini tälimçi bellän “Barselona” topary Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan 3:0 hasabynda ýeňildi.

Kattalon topary 7 utuk toplap, toparçada 3-nji orny eýeledi. Bu toparçada Germaniýanyň “Bawariýa” bilen Portugaliýanyň “Benfika” topary 1/8 finala çykdy. “Benfika” topary Çempionlar ligasynyň 6-njy tapgyrynda “Dinamo” toparyny 2:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, “Barselona” topary 21 ýyldan soňra 1/8 finala çykyp bilmedi. 2000/01-nji möwsümde “Barselona” topary üçünji orny eýeläp, “Milan” we “Lids” toparyndan yzda galypdy.

Şonda “Barselona” topary UEFA-nyň Kubogynda çykyş edip, ýarym finalda Angliýanyň “Liwerpul” toparyndan utulypdy.

 

9-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy