TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

21 sany desgany hususylaşdyrmak meýilleşdirilýär

Ýurdumyzda ähli ugurlarda telekeçiligiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda degişli çäreler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde döwletiň garamagyndan aýrylmaga hem-de hususylaşdyrylmaga degişli bolan döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde 21 sany desgany hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.

Hormatly Prezidentimiz  hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda döwlet eýeçiligindäki desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmaga, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

 

Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ýene-de okaň

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Ilon Mask ABŞ-nyň milliarderleriniň sanawynda birinji orunda

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

Teswirle