TEHNOLOGIÝA

2030-njy ýylda ulaglaryny elektrik toguna geçirýär

Şwesiýanyň “Volvo” kompaniýasy benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän awtoulaglaryny elektrik togy bilen işleýän ulaglara çalyşmagy meýilleşdirýär. 2030-njy ýylda kompaniýanyň ähli ulaglary elektrik togy bilen işlär. Hytaýyň “Geely” kompaniýasynyň garamagyndaky şwed kompaniýasy 2030-njy ýyldan diňe elektrik energiýasy bilen hereket edýän ulaglary satmagy meýilleşdirýär.

Şwed kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hakan Samuelson soňky ýyllarda elektrikli ulaglara islegiň barha ýokarlanýandygyna ynanyp başlandygyny belledi. Şonuň esasynda kompaniýa 2025-nji ýyla çenli ulag satuwynyň 50 göterimini elektrik ulgamly bolmagyny gazanar.

Hytaýyň “Geely Group” kompaniýasy tarapyndan satyn alnan şwed kompaniýasy “Tesla” kompaniýasy ýaly, ulaglaryna kabelsiz zarýad bermegiň üstünde işlemegi göz öňünde tutýar.

Umuman, soňky döwür dünýäniň iri awtoulag öndüriji kompaniýalary elektirk togy bilen işleýän ulag önümçiligine has köp gyzyklanma bildirip başlady. ABŞ-nyň “Ford” kompaniýasy golaýda Ýewropadaky satuwlaryny 2030-njy ýyla çenli doly elektrik ulgamly ulag bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasynyň garamagyndaky “Bentley” şereketi hem elektrikli ulaglary öndürmegi meýilleşdirýär.

Awotulag sergisi ýatyryldy, ýöne “ýylyň ulagy” saýlandy

Ýene-de okaň

“TikTok” ABŞ-daky aktiwlerini satmak boýunça ylalaşyk baglaşdy

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ilkinji emeli aňly ýol gözegçisi işe girizdi

Belarus 2029-2030-njy ýyla çenli raýat uçaryny döretmegi meýilleşdirýär

BMG: dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 6 milliarddan geçdi