TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

2022-nji ýylda zähmet haklary 10 göterim köpeldiler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu baradaky möhüm resminama gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan  býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyryrylar.

Şeýle hem, Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1050 manat möçberde bellemek we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmak göz öňünde tutuldy.

 

9-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle