JEMGYÝET

2021: “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” saýlandy

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralarda däbe öwrülen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we köp sanly adamlar gatnaşdy.

Dabarada ahalteke atlarynyň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan ahalteke atlarynyň 10-sy gatnaşdyryldy.

Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, 2021-nji ýylda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly hormatly ada Aýgytly diýen ahalteke bedewi mynasyp boldy. Bu ajaýyp bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir. Onuň seýisi Çary Ballyyew.

Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy “Lexus” kysymly ýeňil awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Aziýa çempionatynda ýene bir medal gazandyk

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary

Türkmenistan bilen Hindistan ýokary derejeli saparlary gurnar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Ata Watan Eserleri