JEMGYÝET

2021-nji ýylda 2100 tonna pile taýýarlanar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, 2021-nji ýylda ýurdumyzda 2100 tonnasynyň, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna hem-de Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanda şu ýyl halkara çäreleriň uly toplumy meýilleşdirilýär

Related posts

Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistan’dan Trump’a ve Buş ailesine taziye

vepa

6-njy awgustdaky howa maglumaty