TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

20-nji sentýabrdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 20-nji sentýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +20°, gündizine +31… +33° maýyl bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +18… +23°, gündizine +27… +32°, kenarýaka etraplarynda +22… +27° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +25… +27°, basyşy 755 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Awazada: howa +24… +26°, basyşy 759 mm, çyglylygy 30-50%.

Balkanabat şäherinde: howa +30… +32°, basyşy 757 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +16… +21°, gündizine +29… +34° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +32… +34°, basyşy 737 mm, çyglylygy 20 — 40%.

Tejen şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 744 mm, çyglylygy 25 — 45%.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +13… +18°, gündizine +28… +33° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 742 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Baýramaly şäherinde: howa +30… +32°, basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +14… +19°, gündizine +28… +33° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +29… +31°, basyşy 743 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Kerki şäherinde: howa +31… +33°, basyşy 738 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +13… +18°, gündizine +24… +29° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +26… +28°, basyşy 755 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Köneürgenç şäherinde: howa +24… +26°, basyşy 757 mm, çyglylygy 20 — 40%.

 

20-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle