TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

20-nji maý – Bütindünýä ary güni   

Arylar asyrlar boýy bize, ösümliklere we daşky gurşawa peýdaly bolmak üçin yzygiderli işleýärler. Arylar planetamyzda iň işleýän jandarlaryň biridir we olaryň roly tutuş ekosistema üçin möhümdir. Olar adamzat üçin peýdaly bolan baly öndürýärler. Balyň  düzümi  hem  birnäçe  keselleriň  öňüni  alyp  biljek  ýokumly  witaminlerden  doludyr.      Bütindünýä ary güni 20-nji maýda bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Bu günde 1734-nji ýylda Sloweniýada aryçylyk pudagynyň öňdebaryjysy Anton Ýanşa dünýä indi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler Sloweniýanyň 2017-nji ýylyň dekabrynda 20-nji maýy Bütindünýä ary güni diýip yglan etmek teklibini tassyklady. Şeýlelikde, ilkinji  Bütindünýä  ary  güni 2018-nji  ýylyň  20-nji maýynda  bellenilip geçildi.  Her ýyl Bütindünýä ary gününi bellemek bilen, arylaryň we beýleki mör-möjekleriň adamlary we planetany sagdyn saklamakda oýnaýan möhüm roly, olaryň  ýitip  ýok  bolup  gitmeginiň  öňüni  almaga  degişli  çäreleri  geçirmäge  mümkinçilik  berer.    Arylar barada käbir gyzykly maglumatlar:1.  Arylaryň aýaklarynyň  bolandygyna garamazdan, dyz epmek ýaly bir zady ýok, şonuň üçinem olaryň dyzlary ýok.2.  Bal antiseptik häsiýetlere eýedir we taryhda ýarany bejermek, ýanmak we kesmek üçin ilkinji kömek hökmünde ulanylypdyr.3.   Baldaky tebigy miwe şekerleri – fruktoza we glýukoza  beden tarapyndan çalt siňýär. Şonuň üçin türgenler tebigy energiýasyny ýokarlandyrmak üçin bal ulanýarlar.4.  Aryçylyk tejribesi azyndan 4500 ýyllykdyr.5.  Arylar bir funt (takmynan, 0.45 kg)  bal öndürmek üçin iki million gülden nektar ýygnamalydyr.6.  Ortaça ary ömründe diňe bir çaý çemçesi bal öndürer.

 

Begenç AŞYROW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Sowgatly Tankyt: Biz tankydy halaýarys

 

 

Ýene-de okaň

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Teswirle