BIZNES

20 dollar bilen bir gijede baýady

ABŞ-da 20 dollara kriptowalýuta alan talyp puluny 1,2 trillion dollara çenli ýokarlanandygyny gördi. Ol bir gijede baýan Kristofer Uilýams dünýäniň iň baý adamy bolan Jeff Bezosdan 6 esse baý boldy.

Kriptowalýuta bazarynda baý bolmak köp sanly adamyň arzuwyna öwrüldi. Bazardaky ýokary depgindäki ösüş köp adamy gysga wagtda baý adama öwürdi.

Lukmançylyk ugry boýunça bilim alýan talyp Kristofer Uilýams ABŞ-nyň Jorjia ştatynda ýaşaýar. Uilýams kriptowalýuta 20 dollar maýa goýdy. Ol irden tursa, onuň emlägi barha ýokarlanypdyr. Uilýams 20 dollarlyk maýa goýumy 1,2 trillion dollara barabar boldy. Pulunyň möçberi 60 milliard esse ýokarlandy.

Dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezosyň 200 milliard dollarlyk emlägi bar. Uilýams dünýäniň iň baý adamyndan 6 esse baý boldy.

Dünýäniň ilkinji kriptowalýuta trillioneri bolan Kristofer puluny başga ýere geçirmek isledi. Emma ol muňa başartmady. Sebäbi ulgamda ýüze çykan säwlik sebäpli emlägi ýokarlanypdyr.

 

Ýerli sanjymyň ady “Turkovac” boldy

Ýene-de okaň

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer