SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2 ýyldan soňra uçar gatnawlaryny ýola goýdy

Saud Arabystanynyň awiakompaniýasy koronawirus ýokanjy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda çäklendiren Stambul ugry boýunça howa gatnawlaryny täzeden ýola goýýar. Iki ýyldan soňra ilkinji gatnaw 7-nji maýda Jiddeden we Er-Riýaddan Stambula amala aşyrylar.

Şeýle hem 11-nji maýda Medineden Stambula gatnawlar ýola goýlar. Jidde we Medine ugurly gatnawlaryň gündelik amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Er-Riýaddan gatnawlar hepdede 3 gezek ýerine ýetiriler. Bu gatnawlar “Airbus” kysymly giň uçarlar bilen amala aşyrylar.

Koronawirus ýokanjy sebäpli uçar gatnawlaryny çäklendiren Saud Arabystanynyň awiakompaniýasy häzirki döwürde şertleri göz öňünde tutup, halkara gatnawlaryny kem-kemden ýola goýup başlady.

 

Gazagystanda Konstitusiýa üýtgetmeler giriziler

Related posts

Türkmenistandan Türkiýä ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Tomsuň çogly günlerinde

Ata Watan Eserleri

Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Ata Watan Eserleri