TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2 ýyldan soňra syýahatçylara gapylaryny açar

Ýaponiýa 2 ýyldan soňra daşary ýurtly syýahatçylara gapylaryny açýar. Pandemiýa bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler tapgyrlaýyn gowşadylýar. Ýaponiýa ilkinji tapgyrda çäklendiren möçberde syýahatçy kabul eder.

Maý aýynyň ahyrynda uly bolmadyk syýahatçy toparyny synag hökmünde kabul etmäge taýýarlyk görýär. Bu topara ABŞ-dan, Tailanddan we Singapurdan 3 gezek koronawirus ýokanjyna garşy sanjym alan syýahatçylar goşulyp bilerler.

Syýahatçylaryň aýlanyp görjek ýerleri syýahatçylyk agentlikleri bilen bilelikde meýilleşdiriler we her bir topar ýolbelet gözegçilik eder. Häzirki wagtda özbaşdak syýahatçlara rugsat berilmeýär.

 

 

Fransiýanyň ikinji zenan hökümet başlygy

Ýene-de okaň

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

Teswirle