DÜNÝÄ

2 trillion dollarlyk ykdysady kömek maksatnamasy

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurduň Kongresi tarapyndan goldanan koronawirus pandemiýasyna garşy ykdysady kömek maksatnamasyna gol çekdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde 1.9 trillion dollar maliýe serişdeleri gönükdiriler.

 

Bu babatda Ak Tamda geçirilen dabarada çykyş eden Prezident Baýden kömek maksatnamasynyň ýurt üçin möhümdigini belledi. Ykdysady kömek maksatnamasynyň çäklerinde raýatlara beriljek 1400 dollarlyk kömek pulunyň şu hepdäniň ahyryndan başlap, berlip başlanjakdygyny mälim eden Prezident Baýden bu maksatnamanyň çäklerinde 7 million adama täze iş orunlarynyň döreýändigini belledi.

Bu maksatnamanyň çäklerinde ýyllyk girdejisi 75 müň dollardan az bolan raýatlara 1400 dolalr möçberinde maliýe serişdeleri nagt berler. Şeýle hem işsizlik bilen baglanyşykly kömek çäreleri 6-njy sentýabra çenli dowam etdiriler. Her hepde 300 dollar işsizlik kömek pulunyň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Ştatlar we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryna 350 milliard dollar möçberinde maliýe serişdeleri gönükdiriler. Bu maliýe serişdeleri sanjymlaryň paýlanmagy, kärende kömegi, mekdepler üçin zerur bolan serişdeler üçin sarp ediler.

 

“Sanly çözgüt-2021” bäsleşigi geçiriler

 

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy