TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMJEMGYÝET

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutuldy

Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň çalt depginli ösýän hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamagy dowam etdirmek, bazar gatnaşyklarynyň täze tapgyrynda innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbi tutulýar. Bu barada “www.tstb.gov.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Onuň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygynyň öňüsyrasynda gol çekildi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi Bankyna “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankyna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleri karz bermek tabşyryldy.

Ýokary okuw mekdebiniň şekil taslamasyna laýyklykda, okuw mekdebiniň binalar toplumy Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 183-nji salgysynda ýerleşýär.

Täze ýokary okuw mekdebi umumylykda 8 gektara barabar meýdany eýelär. Onuň çäginde 9 gatly esasy bina we 6 gatly okuw binalarynyň 4-si, hersi 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 2-si, kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport desgalary, 1000 orunlyk mejlisler zaly we beýleki kömekçi desgalar bolar.

Bilim ojagynyň gurluşygynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar. Okuw otaglary hem-de tejribehanalary döwrebap kompýuterlerdir enjamlar, şol sanda multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün ediler.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ýerde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmeklerine şert dörediler. Dünýäniň öňdebaryjy bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilip, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň hem sapak bermekleri ýola goýlar.

Okuw binalaryny gurmaklyk 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda doly ulanmaga taýýar ediler.

Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda “Nur Bina gurluşyk” hususy kärhanasy alyp barar.

TSTB-niň ýokary okuw mekdebinde işewürlik we menejment, maglumat tehnologiýalary, himiýa tehnologiýalary we dag-magdan pudagynyň işewürligi, oba hojalyk işewürligi, binagärlik we gurluşyk pudagynyň işewürligi, hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça fakultetler, onlarça kafedra, şeýle hem dil öwreniş bölümi hereket eder. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk esaslary, işewürlik ýörelgeleri, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler.

 

“Gazprom” Eýrana 40 milliardlyk maýa goýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti “Deňiz han” atly harby gämi bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Daşkent: ýük awtoulag kompaniýasyny döretmek teklip edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Ata Watan Eserleri