TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ylym-bilim, saglyk, sport boýunça täze wise-premýer bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň 6 aýynyň netijelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Sapardurdy Toýlyyew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik wezipeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik wezipeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesinden boşadyldy.

 

Ykdysadyýet toplumy boýunça täze wise-premýer bellendi

Ýene-de okaň

Astana Halkara maliýe merkeziniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan Özbegistana suwuklandyrylan gaz kömegini berer

Türkmenistan-Özbegistan: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bellendi

Teswirle