SPORT

16 ýaşynda dünýä çempionyny ýeňdi

16 ýaşyndaky hindistanly küştçi Rameşbabu Praggnanandhaa gatnaşan ýaryşynda dünýäniň küşt çempiony Magnus Karlseni ýeňip, taryhy ýeňiş gazandy.

Entek 10 ýaşynda wagty “ussat” lakamyny alan we bu ugurda rekord goýan hindi küştçi Rameşbabu dünýäniň küşt çempiony norwegiýaly Karlsen bilen umumy baýragy 1,5 million dollar onlaýn küşt ýaryşynda duşuşdy.

5 gezek dünýä çempiony bolan 31 ýaşyndaky norwegiýaly Karlsen özüniň ýaş garşydaşyndan 39 göçümden soňra ýeňildi.

Bäş gezek dünýä çempiony we Hindistanyň ýetişdiren iň uly küşt oýunçysy hasaplanýan Wişwanatan Anand bu barada şeýle diýdi: “Biz öz zehinimize hemişe buýsanýarys! Praggnanandhaa üçin gaty gowy gün “-diýdi.

Norwegiýaly türgen ozal hindi grossmeýsterleri Wişwanatan Anand we Pentala Harikrişnadan hem ýeňlipdi.

 

Beýik Britaniýa koronawirus çäklendirmeleriniň hemmesini ýatyrýar

Ýene-de okaň

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Ronaldo soňky dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmen samboçylary Bişkekdäki 2025-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ilkinji gününde iki medala eýe boldular

Ata Watan Eserleri

Dewid Bekhem rysarlyk derejesini aldy

Keýn “Bawariýadan” “Barselona” toparyna geçip biler

Ata Watan Eserleri

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy