TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

15-nji oktýabr – Oba zenanlarynyň halkara güni

Her ýylyň 15-nji oktýabry “Oba zenanlarynyň  halkara güni” diýlip atlandyrylýan halkara baýram bütin dünýäde bellenilip geçilýär. Bu halkara gününi bellemek Birleşen Milletler Guramasynyň 1995-nji ýylda Pekinde geçiren 4-nji aýallaryň konferensiýasynda teklip edilýär. Netijede, 15-nji oktýabry oba zenanlarynyň halkara güni hökmünde bellemek kararyna gelinýär. 2007-nji ýylda bolsa, bu halkara güni resmi taýdan tassyklanylýar.

Bu günüň esasy maksady oba zenanlarynyň köptaraplaýyn roluny jemgyýetçiligiň ykrar etmegi bolup durýar. Oba zenanlary dünýäniň ilatynyň dörtden bir bölegini düzýär. Olar oba hojalygynyň durnukly ösmeginde, azyk önümçiliginde, öňdebaryjy rola eýedir. Eger dünýädäki ilatyň 70% gowragyny obada ýaşaýandygyny göz öňünde tutsak, onda oba zenanlarynyň öndürijilikli zähmeti dünýädäki açlygy we garpylygy azaltmaga kömek edip biler.

Oba zenanlarynyň halkara güni her ýurtda özboluşly bellenilýär. Hatda käbir ýurtlarda bu halkara güni ýörite şygar astynda geçýär.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

 

 

 

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle