Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek babatda degişli Karara gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

2022-nji ýyla Berkarar döwletimiz täze eýýamyna aýdyň maksatlar, uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Täze eýýamda mähriban Watanymyzy geljekki 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty karar edýär:

  1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky Ruhyýet köşklerinde sanly ulgam arkaly geçirmeli.
  2. Şu kararyň 1-nji bölegindäki görkezilen mejlise taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmek babatda işleri Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryňwe Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde geçirmegi üpjün etmeli we bu işleri utgaşdyrmaly.

 

 

Ýewropa Parlamentiniň täze başlygy saýlandy