BIZNES

106 müň gektara ýeralma we gök-bakja ekinleri ekiler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň daýhanlarynyň öndürijilikli zähmeti ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan kärendeçiler şu ýylda ýurdumyz boýunça jemi 580 müň gektara gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde gowaçadan boşan meýdanlaryň häzirki döwürde 244 müň 411 gektarynda sürüm işleri geçirilip, ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini arassalamak çäreleri dowam edýär. Şeýle hem halkymyzy özümizde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berildi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, şu ýyl bu ekinleriň meýdanynyň 50 müň 450 gektar artdyrylyp, onuň 106 müň gektara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

 

Türkmenistan omikronyň aralaşmagyna garşy goragy güýçlendirýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy