DÜNÝÄ

10 million ilatly şäher göçürilýär

Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherini göçürmek barada taýýarlanan kanun taslamasy ýurduň Mejlisinde kabul edildi.

Täze kanun resminamasyna laýyklykda, Indoneziýanyň paýtagty Jakartanyň Borneo adasynyň Indoneziýa tarapyndaky bölegi bolan Kalimantana göçüriler.

Indoneziýanyň Mejlisiniň başlygy Puan Maharani ýurduň deputatlar düzüminiň paýtagt Jakarta şäherini Kalimantana göçürmek babatda taýýarlanan kanun taslamasyny tassyklandyklaryny mälim etdi.

Indoneziýanyň Prezidenti Joko Widodo kararyň ýurduň ösüşini göz öňünde tutup, şeýle kararyň kabul edilendigini aýtdy.

Indoneziýanyň paýtagtyny üýtgetmek pikiri hökümet tarapyndan ilkinji gezek 2019-njy ýylyň aprelinde yglan edilipdi. Täze paýtagtda gurluşyk taslamalaryna 2020-nji ýylyň awgust aýynda başlamak meýilleşdirilipdi, ýöne hökümet “Covid-19” pandemiýasy sebäpli bu taslamany yza süýşürmeli boldy.

10 milliondan gowrak ilaty bolan Indoneziýanyň paýtagty Jakarta, ýurduň ykdysady merkezi bolmagyny dowam etdirer.

 

Muhammet Alyny ýatlap

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri