JEMGYÝET

10-25-nji maý aralygynda ekologik çäre guralýar

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler.

Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.

Giň gerimli ekologik maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, aýratyn-da, dag eteklerinde howa ýagdaýy ep-esli gowulandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Sürüjiler çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaklaryny togtadýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.

Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologik maksatly dürli taslamalary, pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, bu çäreler Türkmenistanda hem şäherleriň, obalaryň ýaşaýjylaryny, dürli ýaşdaky nesilleri birleşdirýär.

Welosipedli ýörişe isleg bildirýänleriň hemmesi — sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdarlary çagyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bu çäräniň geçirilmeginiň ekologik ugry onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýelär.

 

Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga gatnaşar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri