TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeginde ajaýyp baýramçylyk – Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän mekdeplerinde ilkinji jaňlar kakylyp, täze okwu ýylyna gadam basyldy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem täze okuw ýylynyň ilkinji güni mynasybetli dabaralar guralyp, täze okuw ýylynyň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.

Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şonuň üçin bu ulgamy ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň sanynyň artmagy, olara okuwa kabul edilýän talyplaryň sanynyň bolsa ýylsaýyn köpeldilmegi muňa aýdyň mysaldyr.

Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär.

Türkmenistanyň bilim syýasaty ýokarda agzalan ýörelgeleri gyşarnyksyz netijeli durmuşa geçirmek arkaly milli bilim ulgamynyň ýokary ösüşe eýe bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iki basgançakly ýokary hünär bilim maksatnamasyna geçilmegi, ýagny dünýäde giňden ýaýran Bolon bilim ulgamynyň tejribeleriniň milli bilimiň işine tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy amala aşyrylýar. Umuman, bilim ulgamynyň ähli basgançaklary dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrylýar. Bu ösüşler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän bilim ulgamyndaky düýpli özgertmeler bilen şertlendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri dowam etdirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmeginiň aňyrsynda uly many ýatyr. Çünki berkarar ýurdumyzyň ösüşi, kuwwaty bilimli nesil bilen berk baglanyşyk lydyr. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen hem bagtly geljegi şu günki ýaş nesilleriň elindedir.

Ýaşlar saýlap alan hünäri boýunça degişli maglumatlary islendik wagtda alyp peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine işjeň ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini, okuw maksatnamalarynyň talaplaryna laýyklykda, özbaşdak özleşdirmegi üçin amatly şert döredýär.

Ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Maral Pürçekowa, TOHU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle