TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

1 minutda 148 kokosy döwdi

Germaniýaly teakwondoçy Muhamed Kahrimanowiç 6 gezek Ginnesiň bütindünýä rekordyny goýdy. Ol bir minutyň dowamynda 148 sany kokosy döwmegi başardy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Bu rekord Italiýanyň “Lo Show Dei Record” telegepleşiginde hasaba alyndy. Bu telegepleşik şu ýylyň 21-nji fewralynda ýazgy edilipdi. Ýöne Ginnesiň rekordlar kitaby bu dünýä rekordyny täzelikde rekordlaryň kitabyna girizdi.

Germaniýaly türgen mundan ozal hem bu ugurda 5 gezke rekord goýupdy. Rekord goýmagyň şertlerine görä, kokosy diňe bir eliň bilen döwmäge rugsat berilýär.

Şeýle hem Muhamed Kahrimanowiç beýleki predmetleri hem döwmekde ussatdyr. Ol bu babatda birnäçe rekordlaryň eýesi bolandygy üçin oňa “çekiç el” diýip lakam berlipdir. Soňky ýyllarda türgen 200-den gowrak telegepleşiklere gatnaşdy.

 

“El Klasiko”: “Barselona” “Realy” ýeňdi

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Aşgabadyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi

Teswirle