TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
turkmenmaglumat.comÝazyjylar,Şahyrlar

Zynhary

  • Ýazyjynyň ady we familiýasy: Zynhary
  • Doglan ýeri: Lebap welaýaty Halaç etraby Esenmeňli obasy
  • Doglan senesi: 1791-nji ýyl
  • Aradan çykan senesi: 1880-nji ýyl
  • Bilimi: Medresede
  • Gysgaça maglumat:

     Zynharynyň kakasyna Polat diýer ekenler. Oňa hormat edip, Polat baba hem diýlipdir. Polat baba sowatly adam bolupdyr. Ol ärsary taaýpasyna, onuň-da ulydepe urugyna degişli bolupdyr, aňyrsy Mustapa gaza urýar.Zynhary oba mekdebinde sowadyny çykypdyr. Zynhary öý-işik bolupdyr.zynhary ökde demirçi ussa bolupdyr, öz hünärini özgelere-de öwredipdir.zynharynyň ogul-gyzy köp bolupdyr. Ýöne ikisinden özgesi çagalykda ýogalypdyr. Bu hasrat “Ýandym, ýaranlar” goşgusynda ýatlanýar.zynharydan Razyýa atly gyz, Jumaguly atly ogul galypdyr.

  • Döredijiligi:

    Zynharynyň döredijiliginiň şu hususy sypatlary  XIX asyr türkmen edebiýaatynyň ösüş-özgerişleri bilen dialektiki birigýär, şol çeperçilik simfoniýasynyň möhüm taakty bolup durýar. Zynharynyň eserleri saýlanyp-seçilip, özbaşdak ýygyndy görnüşinde ilkinji gezek 1945-nji ýylda neşir edilýär. Ilkinji neşir 1962-nji ýylda peýda bolýar. Zynharyny öwrenmekde H.Şahberdiýew, B.Garryýew, A.Nurýagdyýew, M.Annamuhammedow dagynyň belli bir hyzmatlary bar. Zynhary hakynda Ý.Hudaýgulyýewiň romany bar.

     

  • Çeşme: XIX Asyr Türkmen Edebiýaty. Aşgabat. Ylym.2001 sahypa 154-159
  • Taýýarlan: Aýlar Nurmuhammedowa
  • Taýýarlanan senesi: 28/04/2022

Ýene-de okaň

Mämmet Seýidow

Gülnar Orazgylyjowna Nuryýewa

Togrulbeg Hallyýewiç Artykow

Ata Watan Eserleri

Teswirle