TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ýüzýän metjit gurulýar

Indoneziýanyň «Jaya Ancol» kompaniýasy Jakarta şäherinde ýüzýän metjidi gurýar. Metjit şäherdäki «Ancol Dreamland» kenarýaka seýilgähiniň golaýynda gurulýar.

«The Jakarta Post» neşiriniň ýazmagyna görä, döwrebap tehnologiýalar bilen doly üpjün ediljek metjit 2 müň inedördül metr meýdany tutar. Ol 2 müň 500 adama niýetlenendir. Gurluşyk üçin 50 milliard Indoneziýa rupiýasy (takmynan, 3,5 million ABŞ dollary) harçlanar.

Täze metjidiň bäşburç şekili yslamyň 5 sütünini we her günki 5 wagt namazy aňlatsa, minaranyň belentliginiň 25 metr bolmagy Gurhanda ady geçýän 25 pygamberiň hormatynadyr.

Elbetde, habarymyzyň sözbaşysyndan hem mälim bolşy ýaly, metjit suwuň içind ýerleşer. Şonuň üçin hem ony «Ýüzýän metjit» diýip atlandyrýarlar.

Ýene-de okaň

Putine “Belarus” kysymly traktor sowgat edildi

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Teswirle