SIZDEN GELENLER

Zirkiň adam saglygyna peýdasy

Köpetdagyň çäginde giňden ýaýran dag miweleriniň biri hem zirkdir. Zirk agajynyň boýy 1,5-2 metr töwregi bolup, dag ýerlerinde bitýän agaç bolup durýar. Zirkiň daş keşbi tikenli şahalardan ybarat bolup durýar. Zirkler beýleki ösmliklere garanyňda näzikdir. Ösümlik kölege ýerlerde çalt ösýär we esasan çeşmeleriň, dereleriň boýlarynda üýşmek baglygy emele getirýär.

Zirkleriň adam saglygyna peýdasy barada aýdylanda, bu miwe derman maksatlary üçin köp ulanylýar. Her ýylda zirklerden 10-15 tonna çig mal miwe alynýar. Ösümligiň ýapragy, köki, miwesi dermandyr. Zirklerden derman ýasajak bolsaňyz onuň ýapragyny kölegede guratmaly. Şeýle ýagdaýda olar özüniň tagamyny reňkini gowy saklaýarlar. Olaryň ýaşyl reňkli ýapraklary abat bolmaly. Bu ösümligiň durumlylygy 2 ýyldan aşýar. Bu ösümligiň düzümi gaty täsindir. Onuň turşumtyl tagamy bolup, adamyň jan saglygyna peýdaly maddalar saklanýar. Zirkiň miwesinden ýasalan şerbetleri derman hökmünde, şeýle hem suwsyzlygyňy gandyrmak üçin içip bolýar. Miwesi barada aýdanyňda gan aýlanyşy gowulandyrýar. Ganyň düzümini arassalaýar. Häzirki döwürde Hytaý, Ýapon alymlary zirkiň kömegi bilen köp keselleri bejermegi öwrenýärler.

Ösümliklerden taýýarlanan melhemi garaňky ýerde saklap günde üç gezek içmeli.

 

Maral NAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy

 

 

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada saparda bolar

 

 

 

Ýene-de okaň

Gahryman Arkadagymyzyň pähiminden dörän seýilgäh

Goşa mukaddesligiň baýramy

«Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi geçirilýär

Taryhda yz goýjak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Magtymguly Pyragy – döwürleriň we köňülleriň şahyry