TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Žiguliden” elektromobil ýasady

Häzirki wagtda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýaşaýan özbek ýigidi «WAZ 2106» ýeňil ulagyndan elektromobil ýasady. Internetde «FarruhUZ» lakamy bilen tanalýan ýigidiň bu başarnygyndan soňra meşhurlygy gün geçdigiçe artmak bilen. Farruhyň «YouTubede» we «Instagramda» ýerleşdiren suratlary uly gyzyklanma döredýär.

Onuň Hytaýda öndürilen enjamlary ornaşdyryp özgerden «WAZ 2106-sy» bir zarýadlanma bilen 200 kilometr ýol geçip bilýär. Ulagy «şäher» we «uzak ýol» hereketleniş görnüşlerine geçirmek hem mümkindir.

Aýdylyşyna görä, Farruh munuň üçin «WAZ 2106» awtomobilini (1000 $) satyn alypdyr. Oňa 3 fazaly, 10 kWt kuwwatlykly elektrohereketlendiriji (1000 $), 96 woltly, sagatda 30 kWt tok berýän akkumulýator (1500 $), 10 kWt kuwwatlykly kontroller (800 $), reduktor, kontaktor we beýleki ownuk şaý-sepler (1500 ― 2000 $) hem-de güýçlendiriji enjam (400 $) birikdiripdir.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabady sapary

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle