TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Zidanyň tälimçiligindäki 500-nji goly

Ispaniýanyň çempionatynyň 35-nji tapgyrynyň oýnunda “Real” öz meýdançasynda “Alawes” toparyny kabul etdi. Duşuşykda Madrid topary 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 11-nji minutynda Karim Benzemanyň jerime urgusyndan soň “Real” öňe saýlandy. Bu gol baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygyndaky Madrid kluby üçin yzly-yzyna 500-nji goly boldy. Oýnuň birinji ýarymynyň ortasynda duşuşygyň esasy emini Jesus Gil Manzano şikes alyp, duşuşygy eminlik edip bilmedi we ornuny ätiýaçdaky emine berdi.

51-nji minutda Marko Asensio tapawutlandy, geçirilen gol diňe VAR sistema ulanandan soň hasaba alyndy.

“Real Madrid” yzly-yzyna sekizinji ýeňşini gazandy we sanawda öňdeligini saklamaga dowam etdirýär.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle