TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Zeýtun bagyny ösdürmegiň usullary

Zeýtun örän gymmatly subtropik ekindir. Ol oňat hilli zeýtun ýagyny berýänligi üçin gymmatlydyr.Maňzynyň 20-25%-i ýagdyr. Zeýtun ýagy adam saglygy üçin örän pedaly.Zeýtunyň alagök we bişen miwesinden duzly hem şerbetli ýokary kaloriýaly iýmit taýýarlaýarlar.Zeýtun agajynyň beýikligi 5-6 metre ýetip, elmydama gök öwsüp oturýar. Tohumyndan gögerdilende, zeýtun agajy 6-8 ýyldan, kök uran nahallary oturdylanda, 3-4 ýyldan hasyl berýär.Zeýtun ekiljek ýeri saýlap almaklyk möhüm meseledir. Zeýtun gurak hem sowuk ýelleri halamaýar. Gurak ýel we howanyň örän az çyglylygy zerarly, zeýtunyň miwesi mürrük bolýar we bişmän dökülýär. Beýle ýagdaýýň öňüni almak üçin, bagy köpräk suwarmaly. Gülleýärkä ümür ýaramaz täsir edýär. Zeýtuny gurak hem sowuk ýellerden goramak üçin, ýönekeý gorag zolaklaryny döretmek gerek.Zeýtun dürli-dürli toprakly ýerlerde ösüp bilýär. Ýöne suwy gowy siňdirip çägesöw ýerlerde, aşaky gatlagy çägesöw bolan ýeňil hem aram toýunsöw ýerlerde has bol hasyl berip bilýär.Zeýtun ýerasty suwlary ýakyn, batgalyk we suwuny siňdirmeýän ýerlerde öşüp bilmeýär. Çagylly ýerlerde az hasyl berýär.Zeýtun eiklmezinden 2-3 ýyl öň ýerleri özleşdiriji ekinler ekilýär.Gök bakja, güýzlük däne we sideratlyk ekinler (dälije mäş, nohut) gowy özleşdirijiler hasaplanýar.

      Ýer özleşdirilenden soň, bag gorag zolaklaryny oturtmaga üns bermek gerek. Bu işi zeýtun ekmek bilen bir wagtda ýa-da 1-2 ýyl öň ýerine ýetirmek gerek.Zeýtun baglaryny ýelden goramak möhüm çäredir. Tokay zolaklary diňe bir zeýtun agaçlaryny ýelden goramak bilen çäklenmän, eýsem geljekde olar üçin amatly mikroklimat hem döreýär.Bag gorag agaçlary melioratiw hem hojalyk talaplaryna has ýokary derejede jogap berýän agaçlar bolmalydyr.Niýetlenişine we ösdüriljek ýeriniň şertlerine baglylykda olar birmeňzeş ýa-da 2-3 dürli agaçlar bolup biler.Esasy bag gorag zolaklary üçin has oňat agaç Eldar sosnasydyr. Ony agaçlaryň arasy 3 metr, hatarlaryň arasy 4 metr bolar ýaly edip, giň zolakda ekýärler. Aralary 4 metr bolan şeýle zolaklary ýeliň köp ösýän ugrunyň keseligine ekýärler.Topragy ekişe taýýarlamak üçin 50-60 sm çuńlukda plantaž sürümi,

gektara 30-40 tonna ders, 200 kilogram fosfor we 100 kilogram sap kaliý hasabynda mineral hem organiki dökün dökmek gerek bolýar.Sürülen ýeri tekizleýjileriń kömegi bilen düzlemeli, güýz 30-35 sm çuńlukda ýer şüdügärlenýär, noýabryń ýaýagynda gektara 2000 m3 möçberinde yzgar suwy (iki gezek) berilýär.

Toprak taba gelenden sońra, agyr diskli boronalar bilen 12-14 sm çuńlukda çizillenýär. Zeýtun bagynyń düýbi tutulanda, dürli sortlaryń ösüş we boý alyş aýratynlyklaryny nazara almak gerek.  Ońat idedilende, zeýtun agajy gowy ösýär we boý alýar, käbir sortlar özleriniń has gowy ösýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Olar Çembirikent, Mission, Bakin-16, Bakin-17 we başgalar degişlidir. Aram ösýän sortlara: Nikit-2, Nikit-6, Nikit-1, Buzowin degişlidir.Ekiş mahalynda, esasy sortlar bilen bir hatarda, tozanlandyryjy sortlaryda ekmek gerek.Olar Nikit-2, Nikit-5, Krym-172, Tolgom, Çembirikent we başgalar degişlidir.Nahal oturdylanda, esasy sortlara we tozanlandyryjy sortlara bildirilýän talaplary göz öńünde tutmak gerek. Esasy sortlar bilen tozanlandyryjy sort biri-birini tozanlandyrmalydyr, olar bir wagtda gülläp, bir wagtda hem hasyla durmalydyrlar. Nahal oturtmazdan öň, (ýanwarda) gektara 1500 m3 möçberinde ikinji yzgar suwy berilýär. Suw iki gezekde keşler arkaly tutulýar. Fewralyň başlarynda meýdany 30-35 sm çuňlukda sürlüp, uzaboýuna we keseligine boronalanýar. Fewralyň ortasyna ,,Belarus” traktory bilen meýdanda nahal oturdyljak çukurlaryň ýerleri bellenýär, şonda ýüp, gazyk, ýer ölçelýän gurallar ulanylýar. Çukurlar ,,Belarus” traktoryna dakylan çukur gazyjy enjamlar bilen gazylýar. Çukurlaryň çuňlygy 60-70 sm, giňligi 80-100 sm bolmalydyr. Çukurlar gazylyp bolnansoň, olaryň düýbi 20-30 sm çuňlykda ýumşadylýar. Çykarylan gumyň üçden birine dökün (10 kg çüýrän ders, 200 gr superfosfat, 100 gr kaliý duzy) garylyp, yzyna guýulýar. Nahaly nahalhanadan ,,Belarus” traktoryna dakylan gazyjy maşyn bilen alýarlar. Soňra olaryň kök ulgamy dersli palçyga batyrylyp wagtlaýynça  saman bilen basyrylýar. Nahal samanyň aşagynda 5-8 sagatdan köp ýatmaly däldir. Taýarlanan nahallary ýakyn aralyga (15-20 km-e) ýörite gapsyz daşamak bolýar, has uzaga äkidilende, gaba salmak gerek 3-5 ýyllyk nahallar göçürilende, örän gowy kök urýarlar. Zeýtuny ýaz-mart aýynda ekmek gerek.Şonda çukuryň gumy çöküşensoň nahalyň kök boýunjygy ýeriň ýüzünden sähelçe aşakda (3 sm), çägesow ýumşak ýerde bolsa 3-4 sm bolmalydyr. Nahal oturdylyp bolnandan soň suw tutýarlar. Munuň üçin hataryň iki gapdalynda hatardan 60 sm uzaklykda okuçnik bilen keş çekilýär. Bag oturdylandan soň onuň kadaly idedilmegi üçin ähli çäreleri görmek gerek. Munuň üçin bagy yzygiderli we öz wagtynda suwarmaly, ösüş döwrüniň dowamynda ýeri azyndan 6-8 gezek ýumşatmaly.Zeýtun ekilen ýeriň mesligini gowulandyrmak üçin esasy çäreleriň biri topragy saklamagyň usullaryny dogry seçip almakdyr. Ýaş zeýtun baglarynyň arasyna  sideratlyk ekinleriň ekilmegi ýeriň mesligini ep-esli gowulandyrýar. Sideratlyk ekinleriň diňe bir topragyň mesligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem yzgaryň bugarmagynyda kemeldýär. Sideratlyk ekinleri oktýabrda etmek gerek. Ýaz-martda olary sürüp, topraga garýarlar. Tomus aýlary ýeriň kultiwator bilen wagtal-wagtal ýumşadylmagy we agaçlaryň düýbüne çüýrük saman ýa-da siderat üýşürilmegi toprakda yzgaryň gowy saklanmagyny üpjün edýär. Ösüş döwrüniň dowamynda biziň agrotehniki idegi öz wagtynda suwarmakdan, topragy bejermekden, dökünlemekden, zyýan beriji mör-möjeklere we kesellere garşy göreşmekden, agaçlaryň artyk şahalaryny kesmekden, olaryň sütünine we ýokarsyna timar bermekden ybaratdyr. Sütünleri epgekden we sowukdan goramak üçin her ýyl güýz hem ýaz sütünler we esasy şahalar agardylýar. Munuň üçin 100 litr suwa 20-30 kg täze sönen hek garylan ergin taýarlaýarlar, ergin süýkeşik bolar ýaly, oňa 8-10 kg toýun garýarlar.Ösüş döwrüniň bütin dowamynda kökden we sütünden ösüntginiň çykyşyna gözegçilik etmeli we olary wagtynda kesip aýyrmaly.Gabygyny gemirjilerden sowuk zaýalamaz ýaly, gyşyna agaçlaryň sütüniniň daşyny sarap goýmaly.Ýaş zetun bagyna her üç ýyldan bir gezek güýz aýlarynda gektara 25- tonna 500 kg superfosfat döküp, 12-15 sm suňlyga garmaly. Mundan başga-da her ýyl (iki gezekde:martda, iýunda) gektara 90 kg azot, 60 kg fosfor we 60 kg sap kaliý hasabynda min eral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmeli. Zeýtun üçin yzgar suwynyň ähmiýeti örän ulydyr. Ýaş baga 2 gezek yzgar suwy we 10 gezek ösüş suwy tutulmalydyr. Birinji yzgar suwy gektara 2000 m3 möçberde 10-njy noýabrdan soň, ikinjisi gektara 1500 m3 möçberde 20-nji fewraldan gijikdirilmän tutulmalydyr. Zeýtun bagynyň bir gektaryna her ýylda 120 kg azot, 90 kg fosfor, 45 kg sap kaliý dökmek gerek. Her 3 ýyldan bir gezek gektara 30-40 tonna ders dökmek gerek. Hasylyň bol gelen ýyly zeýtun bagyny iýul aýynda gektara 40 kg azot, 30 kg sap kaliý möçberinde mineral dökün goşmaça iýmitlendirmek gerek. Zeýtunyň gapdal şahalaryny nobatma-nobat dogry ýerleşdirmek we agajyň kök ulgamy bilen ýerüsti böleginiň sazlaşygyny saklamak arkaly timarlanylýar. Munuň özi agajyň kadaly ösüp, gowy hasyl bermegini üpjün edýär. Ekileninden soňky ikinji ýylyň ýazynda 65-70 sm çenli beýiklikdäki çybyklaryň barysy  çyrpylyp aýrylýar. Ýokarky çybyklardan her 55-65 sm aralykda 2 ýa-da 4 sany gapdal şahasyny goýýarlar, galan çybyklar çyrpylýar. Agajyň sütünine 4 çybyk ýerleşmese 2-3-sini goýmak gerek.Şahalaryň gysgaldylmagy gapdal çybyklarynyň ösüp çykmagyna çyrpylmagy bolsa ýagtylygyň gowy düşmegine ýardam edýär.Ýaş zeýtun bagy ösüşiniň ilki döwründe tiz boý alýar we uly baglara garanda hasyla ir durýar. Emma 15-30 ýyllyk zeýtun bol hasyl berýär. Oňat idedilen zeýtun 30-50 ýaşynda has bol hasyl berýär.Ýag taýýarlamak üçin garamtylmelewşe öwsüp, daşy birneme ýygyrt atyp ugran bişen miwe ýygnalýar. Hasyl el bilen ýa-da brezintiň üstüne kakmak arkaly ýygnalýar. Kakylandan soň galan miwäni el bilen ýygýarlar. Kakmak arkaly zeýtunyň bişen miwesi aňsatlk bilen dökülýän sortlarynyň hasyly ýygnalýar. Kakaňda miwesi dökülmeýän sortlaryň hasylyny el bilen ýygmak gerek.Ýygnalan miwe ýaprakdyr çöp-çalamdan arassalanyp, derrew gaýtadan işlemäge ugradylýar. Ýygnalan miwäni guradyp duzlamak üçinem peýdalanmak bolýar. Göklügine konserwirlemek üçin, diňe etli iri miwesi bolan sortlar ýaramlydyr. Nikit-6, Krym-172, Çembirikent, Tolgom, Nikit-1, Mission, Bakin-16 şeýle sortlardyr. Goklügine konserwirlemek üçin, kadaly ulylygyna ýeten sarymtyl-ak öwüşgünli miwe ýygnalýar. Miwäni diňe el bilen ýygmaly, bolmasa onuň daşynda garamtyl-goňur tegmiller galýar. Gabyň diwarlaryna we biri-birine degmegi zerarlyda, miwede goňur tegmil döräp biler, şona görä-de gök miwani uzak ýola ibermek bolmaz.

                                                                                      Gunça  NAZAROWA,

                                                         Türkmen oba hojalyk  institutynyň mugallymy

 

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Döwletli maslahatyň döwletli gadamlary

Ata Watan Eserleri

Watançy Nesilleri Terbiýelemek Milli Terbiýeçiligiň Esasydyr

Baş Redaktor

Çagalar bagynda baýramçylyklaryň guralyşy

Baş Redaktor

Teswirle