DÜNÝÄ

Ženewada WIPO agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisi geçirilýär

2024-nji ýylyň 9-17-nji iýuly aralygynda Ženewada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasyna (WIPO) agza ýurtlaryň Assambleýasynyň 65-nji mejlisine gatnaşýar. Çäräniň çäginde WIPO-nyň düzüm birlikleriniň, ýörite komitetleriniň, sebitleýin toparlarynyň nobatdaky we adatdan daşary mejlisleri geçirilýär.

Köptaraplaýyn mejlisleriň dowamynda intellektual eýeçiligi, awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklary goramak, innowasion tehnologiýalary we emeli aňy höweslendirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem WIPO-nyň Assambleýasynyň çäginde, Administratiw Geňeşiň mejlisini goşmak bilen Ýewraziýa patent guramasynyň (EAPO) 30 ýyllygyny bellemek boýunça çäreler geçiriler.

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary Assambleýanyň meýdançasynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň geçirjek ikiataraplaýyn duşuşyklarynyň dowamynda ara alnyp masahatlaşylar.

Ýene-de okaň

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi