Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow karar etdi:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamaly:
Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Sahyýewna Mämmedowany,
Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewany,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Jorakulyýewna Hemraýewany,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Ýazmyradowna Berdiýewany.