DÜNÝÄ

Zenanlaryň arasynda futbol ligasy

Saud Arabystanyň Patyşalygynda zenanlaryň arasynda futbol çempionaty dörediler. Çempionatyň duşuşyklaryny ýurduň paýtagty Er-Riýad hem-de ýene-de 2 şäherde geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada “BBC News” teleýaýlymy habar berýär.

Zenanlaryň arasynda futbol ligasynyň döredilmegi ýurduň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salmanyň täze reformalarynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Çempionatyň oýunlary  Er-riýad, Jidda we Dammam şäherlerinde oýnalar. Oňa 17 ýaşdan uly bolan gyzlar gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, bu täzeçil reformalarynyň çäklerinde 2018-nji ýylda ýurtda zenanlara futbol duşuşyklaryny stadionda tomaşa etmäge, şeýle hem özbaşdak ulag sürmäge mümkinçilik döredildi.

Ýene-de okaň

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan stendi bilen tanyşdy

Türkmenistan Stambul şäherinde Nowruz baýramçylygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri