MEDENIÝET

Zenanlara pul sowgatlary gowşurylýar

Güneşli Diýarymyzda durmuşymyzyň bezegi bolan aýal-gyzlara belent sarpa goýulýar. Her ýylyň 8-nji martynda ýurdumyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz şu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, ylym-bilim ojaklarynda okaýan gelin-gyzlara, şeýle-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan zenanlara pul sowgadyny gowşurmak baradaky resminama gol çekdi. Bu hoş habar türkmenistanlylaryň her birinde buýsanç duýgusyny döretdi.

Şu gün, baharyň ilkinji gününde welaýatymyzda-da hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlara pul sowgadyny gowşurmak dabaralary başlandy. Şu mynasybetli bilim, medeniýet ojaklarynda, edara-kärhanalarda dabaralara giň gerim berildi. Uly buýsanja beslenen dabaralarda çykyş edenler ýurdumyzda zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çäre mahalynda zenanlara pul sowgatlary we ter gül çemenleri gowşuryldy. Dabaralar welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň hoş owazly aýdym-sazlary bilen utgaşdy. Belentden ýaňlanan şirin mukamlar köňüllere şatlyk nuruny çaýdy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmaklyga bagyşlanan dabaralar dowam edýär.

Ýene-de okaň

“Aşgabat” we “Ýaşlyk” teleýaýlymlaryna täze ýolbaşçylar bellenildi

Hytaýda Türkmenistanyň medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirilýär

Türkmen döredijilik topary Türkiýede iş saparynda

Dünýäniň iň gymmat toýy: Biber 10 million dollar gazandy

Medeniýet hepdeligi – 2025 Ahal welaýatynda geçiriler

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde amerikan agşamy