TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary, giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, bilim we saglygy goraýyş ulgamyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde, ilata lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin, aýratyn önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çekildi.

Ýurdumyzyň sanawy berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar.

Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Ejegyz Garajaýewna Rahmanowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Maşgala lukmanlar bölüminiň maşgala lukmany Annajemal Geldiýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Annasoltan Nyýazdurdyýewany,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulboldy Allabaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 3-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Miwegül Berdiýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary etrap hassahanasynyň Maslahat beriş we anyklaýyş bölüminiň lukmany Amantäç Muhammetorazowany.

 

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Baş Redaktor

Teswirle