TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Zebra pirogy

Taýýarlamak üçin gerek önümler:

  • 1 ýumurtga
  • 1 bulgur şeker
  • 1 bulgur gatyk
  • 1 bulgur un
  • 1 çaý çemçesi wanilin
  • 1 çaý çemçesi gabartma tozy
  • 1 nahar çemçesi günebakar ýagy
  • 2 nahar çemçesi kakao

Taýýarlanylyşy:

Bir gabyň içine şeker bilen ýumurtgany ak köpük bolýança mikser bilen garmaly. Üstüne gatyk, gabartma tozy, wanilini goşmaly we gowy edip garmaly. Soňra üstüne un goşup, hiç hili digir galmaz ýaly ýene-de gowy edip garmaly. Taýýar bolan garyndymyzy iki gaba deň bölüp, biriniň üstüne kakao goşmaly we ýene-de bir gezek garmaly. Tort, pirog, keks, ýa-da köke bolsun tapawudy ýok, bularyň gowy çişip bişmesi üçin esasy hamyryny mikser bilen gowy edip garmaly.

Taýýar bolan garyndylarymyzy içi ýaglanan saja gezekli-gezegine agaç çemçe bilen guýmaly. Mysal üçin ilki kakaosyz ak garyndymyzdan sajyň ortarasyna 4 çemçe (isleseňiz kakaolyny hem birinji guýup bilersiňiz), soňra bolsa kakaoly garyndymyzdan 4 çemçe guýalyň. Eger-de garyndylary guýup bolanyňyzdan soň ol sajyň içinde deň-tekiz ýaýramadyk bolsa, zyýany ýok. Siz sajy sähelçe silkeläp, pirogymyzyň suduryny deň-tekiz ýaýradyp bilersiňiz.

Sajymyzyň içinde ak-gara bolup duran “Zebranyň” ýüzünde gül nagyşyny çekmek üçin kiçiräk aşhana pyçagy ýa-da taýajyk gerek bolar. Edil suratdaky ýaly edip, ýa-da öz islegiňize görä nagyş hem çekip bilersiňiz!

 

Pirogymyzy, öňünden 200o derejede gyzdyrylan howur peje salsak, ol 20 minutda taýýar bolar.

 

Işdäňiz açyk bolsun!

 

Taýýarlan: Ajap Rejepowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary

we ösüş uniwersitetiniň talyby

 

Beýlekileri hem okap bielrsiňiz:

 

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Okap bilersiňiz  Russiýa halkara uçar gatnawlaryna başlaýar

Möwsümiň peýdaly limonadynyň taýýarlanyşy

Howurpeçsiz keksiň taýýarlanylyşy

Snikers tagamly köke

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle