JEMGYÝET

Zarýad nähili bolmaly?

«Smartfon 100 göterim zarýadlanansoň hem ony elektrik togundan aýyrmazlyk ömrüniň gysgalmagyna, çalt hatardan çykmagyna getirýär» diýip, «BatterieIngenieure» nemes kompaniýasynyň ýolbaşçysy Dominik Şulte «Business Insider» neşiri arkaly habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, düzüminde litiý-ion bolan batareýalaryň ömri belli bir wagta çenli dowam edýär. Zarýadlanmanyň tamamlanmagy bilen hem smartfonyň tokdan aýrylmazlygy ilkinji nobatda batareýa, soňra telefonyň özüne zyýanyny ýetirýär.

Ýöne «Google» kompaniýasynyň menejeri Ronald Hona salgylansaň, soňky smartfonlarda bu ýagdaýyň öňüni alýan ýörite gurluş göz öňünde tutulan. Olar telefon doly zarýadlanansoň gelýän elektrik çeşmesiniň gelmeginiň öňüni alýar.

Beýleki kompaniýalardan «Mail.runyň» wekili Dmitriý Rýabinin nemes hünärmeniniň aýdanyny goldaýar. «Apple» we «Samsung» kompaniýalary bolsa öz müşderilerine smartfonyň zarýadyny 50 göterimiň golaýynda saklamagy maslahat berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Hytaý: halkara awtomobil gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeriniň Aşgabada sapary

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Kuraş-2023: Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň 5-nji altyn medalyny Daýanç Omirow gazandy

Kuraş-2023: Sabina Kadyrowa altyn medal gazandy