TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Zähmet haklary we talyp haklary ýokarlandyrylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi. Şol Permanyň käbir böleklerini dykgatyňyza ýetirýäris.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2025-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygy mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen karar edýärin.

  1. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň hem-de talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmaly.
  2. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşjylaryň pensiýalaryny aýda iň pes möçberi 1557 manat möçberde, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşyna we tylda zähmet çekenleriň pensiýalaryny aýda iň pes möçberini 457 manat möçberde, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk gullugy 372 manat möçberde, döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk gullugy 354 manat möçberde bellemeli.
  3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 957 manat möçberde bellemeli we muny aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

Ýene-de okaň

Bolgariýa Azerbaýjandan tebigy gaz satyn alar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda dolanyşygy 114 million dollara deňdir

Owganystan Türkmenistan bilen import ylalaşyklaryny baglaşmakçy

Teswirle