TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» bäsleşigi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-den gowrak alabaýdan öz gujurdyr edermenligi bilen tapawutlananlarynyň 25-si gatnaşdy.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasyna, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna, hususy itşynaslara degişli bolan alabaýlaryň çykyşy olaryň bäsleşige ýokary derejede taýýarlanylandygyny görkezdi. Bäsleşikde 0,5 metrden 2,5 metre çenli bolan päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, öz eýeleri bilen dil tapyşmagy başarýan alabaýlaryň her bir hereketi olaryň edermenliginden, düşbüliginden habar berýär.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän güni kesgitlener.

 

Döwlet ýer kadastry we kadastr belgisi barada gysgaça peýdaly maglumat

 

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle