TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

2021-nji ýyly “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna-ynamly gadamlar bilen” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Bu maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy D. Nazkulyýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy O. Kazakowa, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzasy, telekeçi R. Kerimow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen täzeçe many-mazmuna eýe bolan gatnaşyklary ýola goýup, onuň halkara abraýyny öňküsinden-de ýokary götermäge gönükdirilendir diýip bellediler.

Şeýle hem bu maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň wekili gatnaşdy. Internet neşiriniň wekili maslahatda çykyş edip, gatnaşyjylara internet saýty hakynda maglumat berdi. Şeýle hem baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýylly baýramy mynasybetli “Söýgi-durmuşyň özeni” atly döredijilik bäsleşigini üstünlikli geçirendiklerini aýdyp geçdi. Bu “Atawatan Eserleri” atly döredijilik bäsleşigine diňe bir ýurduň raýatlary gatnaşman, eýsem daşary ýurtda bilim alýan ýaşlarymyz hem gatnaşyp, uly gyzyklanma döretdi diýip belläp geçdi.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň applikasiýasyny ulanyşa hödürländigi barada maglumat berildi. Mashalata gatnaşyjylarda internet saýtymyzyň mobil goşundysy uly gyzyklanma döretdi.

Mundan başga-da, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan ýurdumyzda ilkinji akylly sözlügini halkymyza hödürlänendigi barada gürrüň berildi.

Maslahatda çykyş edenler ildeşlerimizi Täze 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny gutlap, olaryň alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

Biržada nebit önümleri uly isleg bildirilýär

Türkmenistanyň Astrahandaky logistika merkezi Merkezi Aziýanyň Russiýa deňiz çykalgasy bolar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan Rumyniýa tebigy gaz iberer

Ata Watan Eserleri

Teswirle